ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

04.11.2023 37
ÝURDUMYZDA ÄHLIHALK BAG EKMEK DABARASY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 4-nji noýabrnda Lebap welaýatynda güýzki bag ekmek dabarasy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Umumymilli bag ekiş çäresine Lebap welaýatynyň häkimi Şöhrat Amangeldiýew hem-de Lebap welaýatynyň edara, guramalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu günki geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň maksady tutuş Türkmenistan boýunça 3 million düýp miweli, saýaly, gyrymsy agaç nahallaryny oturtmakdan ybaratdyr. Şu günki çäre Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň Milli strategiýasyna laýyklykda, ýurtda tokaý zolaklaryny artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Bu ählihalk hereketi Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasynyň maksatlary bilen sazlaşykly utgaşýar we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň «Gury ýeriň ekologik ulgamyny goramak we dikeltmek hem-de olaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermek, tokaýlary rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagyny bes etmek we yzyna öwürmek hemde biologik köpdürlüligiň ýitmegini bes etmek» diýlip bellenilen 15-nji Maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda oňyn ekologiýa şertleriniň döredilmegi, tokaýlaryň durnukly dolandyrylmagy hem-de olaryň bioköpdürliliginiň goralyp saklanylmagy boýunça toplumlaýyn maksatnama durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky milli kanunçylyk binýady has hem kämilleşdirilýär we halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.