Ýaňy-ýakynda, Lebap welaýat häkimliginde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygarynyň many-mazmunyny wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Çäre Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň giň gerimli tagallalary netijesinde täze taryhy eýýamda ahalteke bedewiniň Türkmenistanyň ösüşleriniň esasy nyşanyna, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň alamatyna öwrülendigini ýüze çykardy. Aýdym-sazly dabaraly maslahata welaýatymyzyň Hormatly il sylagly ýaşululary, Türkmenistanyň mejlisiniň deputatlary, edara kärhanalaryň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, aýdym-saz sungatynyň ussatlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda, Ahalteke bedewi – türkmen halkynyň geçmişini, şu gününi we geljegini birleşdirýän ruhy gymmatlyk. Ony gorap saklamak we ösdürmek bolsa halkymyzyň öz milli mirasyna goýýan belent hormatynyň aýdyň subutnamasydygy dogrusynda belläp geçdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Bedew batly ösüşlere beslenýän ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyryp, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Ogulsapar Joraýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Lebap welaýat Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...