Ýylyň şygary-köňülleriň çyragy

27.01.2026 103
Ýylyň şygary-köňülleriň çyragy

Ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň medeniýet merkezinde 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip yglan edilendigi mynasybetli bilen «Ýylyň şygary-köňülleriň çyragy» atly maslahat geçirildi. Maslahata etrabyň öňdebaryjy ýaşlary kümüş saçly mährem eneler, bilim we saglyk ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy işgärler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler geçen 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda bolup geçen syýasy wakalar, taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan seneler, ýurdumyzyň ösüşleri barada, täze 2026-njy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň hem bedew batly ösüsşlere beslenjekdigi barada giňişleýin çykyş etdiler. Çykyş edenleriň ählisi Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

OÝDIN Aşirowa

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň baş hünärmeni

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2026 Ähli hukuklary goralan.