25 asyrlyk gala taryhçylaryň ünsüni özüne çekýär

22.08.2023 306
25 asyrlyk gala taryhçylaryň ünsüni özüne çekýär

     Halaç etrabynyň Halaç geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Hallajy gala arheologlaryň we bu sebitlere gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Häzirki wagtda ýadygärligiň tutýan meýdany 1,7 gektar bolup, beýikligi 12 metre deňdir. Galany synlanyňda, onuň öz döwründe beýik hem-de kuwwatly gorag diwarlarynyň bolandygy mese-mälim bildirip dur. Ýadygärlik welaýatymyzyň çägindäki uly we gadymy galalaryň biri hasaplanylýar. Bu ýadygärlik biziň eýýamymyzdan öňki II — VI asyrlarda daşky duşmandan goranmak maksady bilen bina edilen galalaryň biridir.

Ýadygärlikde rejeleýiş, abadanlandyryş işleri geçirilýän wagtynda arap ýazgyly kitap bölekleriniň tapylmagy hem ýerli ilatyň ylma, bilime ýokary derejede üns berendigine şaýatlyk edýär. Muňa mysal edip, häzirki wagta çenli saklanyp galan, galanyň gapdalynda ýanaşyk gurlan Hallajy baba medresesini hem görkezmek bolar. Galada ýaşaýyş XIX asyra çenli dowam edipdir.

Hallajy gala 1996-njy ýylda «Kerki» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hasabyna alyndy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.