34 harmanhana pagta hasyly kabul ediler

14.09.2023 191
34 harmanhana pagta hasyly kabul ediler

Welaýatymyzda ýyglan pagta hasyly harmanhanalaryň 34-sinde kabul ediler. Şeýle hem ýurt Garaşsyzlygynyň 32-nji ýylynda bereketli toprakdan ýyglyp alnan «ak altyn» welaýatdaky pagta arassalaýjy käranalaryň 11-sinde gaýtadan işleniler. Harmanhanalar hem, kärhanalar hem möhüm oba hojalyk möwsümine doly taýýar edildi. Gündogar sebitde pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda badalga berildi. Şu ýyl welaýatda 130 müň gektar ýerden 320 müň tonnadan geçirip hasyl almak meýilleşdirilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.