Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý-dabaralar merkezinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramy hem-de türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty ― milli mirasymyz» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrapdyr şäherlerden gelen eli çeper gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Ene-mamalarymyzyň parasatly ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip, keşdeçilik sungatyny içgin öwrenmek we wagyz etmek maksady bilen guralan bu bäsleşikde oňa gatnaşyjylar üç şert boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň birinji şertinde gelin-gyzlar ady äleme dolan, dünýä nusgalyk keşdeçilik sungatyny ösdürmäge goşýan goşantlary, keşde çekmäge taýýarlygy barada buýsançly gürrüň berdiler. Şeýle-de bu şertde olar ýüpek sapaklary işmek, nagyş saýlamak, nagyşlaryň ýerini bölmek ýaly taýýarlyk işlerini görkezdiler. Eli çeper gelin-gyzlar bäsleşigiň ikinji şertinde keşde çekmek arkaly öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar. Olar keşde çekmek bilen bir hatarda nagyşlaryň döreýiş taryhy barada gyzykly gürrüň berdiler. Bäsleşigiň üçünji şertinde bolsa oňa gatnaşyjylar öz bejeren el işlerini çeper sözleriň, goşgy setirleriniň, rowaýatlaryň we gazallaryň üsti bilen joşgunly wasp etdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde Saýat etrabynyň çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Maýagözel Ýazkulyýewa birinji, şu etrapdaky 12-nji orta mekdebiň zähmet mugallymy Gülälek Sahatowa ikinji, Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Maýsa Döwranowa bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine guramaçylar tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...