Dänew etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Dänew etrap birleşmesiniň we etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda pagtaçylaryň günortan arakesmesinde «Ak altynyň ussatlary» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Dabara gatnaşan sungat işgärleri özleriniň täsirli aýdymdyr sazlary bilen kärendeçileriň we mehanizatorlaryň armasyny ýetirdiler. Bu ýerde guralan sergide bolsa gelin-gyzlaryň nepis el işleriniň dürli görnüşi görkezildi. Günortan arakesmede geçirilen dabaradaky aýdym-sazly çykyşlar «ak altynly» meýdany baýramçylyk ruhuna besledi. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine mynasyp goşant goşýan «ak altyn» ussatlaryna birleşmämiz tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...