Ak hanalar — ak arzuwlar

12.10.2023 31
Ak hanalar — ak arzuwlar

Ýaş kärendeçi Umida Kadyrowa bereketli pellerden ýygnalan «ak altynyň» döwrebap tehnikalarda Watan harmanyna ugradylyşyna buýsanç bilen seredip durşuna 2-3 ýyl mundan ozal eden arzuwlary barada oýlandy. Hawa, ol ilkibaşda öz adyna alan kärende ýerinden şeýle ýokary hasyly almak barada diňe göwün ýüwürdipdi. Emma ene ýere yhlasly zähmetini siňdirip, hasyllylygy artdyrmak ugrunda irginsiz işlän kärendeçi şu möwsümde hojalykda iň ýokary hasyl alanlaryň biri bolmagy başardy. Köp ýyldan bäri «Çohpetde» daýhan birleşiginiň 11-nji kärendeçiler toparyna ýolbaşçylyk edýän Gözel gelneje öz gyzynyň hem hakyky zähmet adamsy bolandygyna buýsanýar. Şonuň üçin hem ol Umidanyň öz adyna kärende ýeri almak baradaky kararyny ikelläp goldady. Perzendiniň çagalykdan ene topraga werziş bolandygyny bilse-de, onuň birbada 10 gektar ýeri kärendesine almagy Gözel gelnejäni ilkibaşda biraz pikirlendirdi. Emma ol her bir işde ene nesihatyna eýerýän perzendiniň topraga hyzmat etmekde yhlasynyň ýerde galmajakdygyna ynandy. Yzygiderli idegi ýetirilýän toprak hem ýylyň-ýylyna hasylyny artdyrmak bilen boluberdi. Kärendeçiligiň ilkinji ýylynda her gektardan 35, geçen ýyl bolsa 38 sentner hasyl alan Umida bu ýyl kärende ýeriniň her gektaryndan 40 sentner hasyl almagy öz öňünde maksat edip goýdy. Onuň eden yhlasy ýerine hem düşdi. Ilkinji ýygymda ol şertnamalaýyn meýilnamasynyň deň ýarysyny ýerine ýetirdi. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyk ideg edilen gowaçaly pellerden indiki ýygymlarda «ak altynyň» ýene-de onlarça tonnasynyň harmana ugradyljakdygy hem görnüp dur. Çünki ak patrak ýaly açylýan gozalar entek atyzlarda hasylyň köpdügini buşlaýar.

Umida şu günler daýhan birleşigi tarapyndan maşgalasyna berlen 12 gektar meýdanda ekilen güýzki ýeralmalara ideg etmegi hem ünsden düşürmeýär. Maşgala agzalary şu ýyl ýüpek gurçuklaryny idetmekde-de görelde görkezdiler. Watanymyzyň kümüşsöw çäjiniň beýgelmegine mynasyp goşant goşdular. Olar 400 kilogram pile tabşyrmagy başardylar. Biz hem döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrundaky asylly işlere uly yhlas bilen ýapyşýan ýaş kärendeçä geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.