Akyldar gadamy düşen ýerler

17.07.2023 227
Akyldar gadamy düşen ýerler

     Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň guramagynda geçirilen döredijilik duşuşygy «Akyldar gadamy düşen ýerler» diýlip atlandyryldy. Etrabyň Magtymguly obasynda geçirilen çärä medeniýet we sungat işgärleri, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşdylar. Oňa gatnaşyjylar şu obada ýerleşýän Idris baba medresesine zyýarat etdiler. Soňra döredijilik duşuşygy akyldar şahyryň adyny göterýän etrapdaky 14-nji orta mekdepde dowam etdi. Bu ýerde guralan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrlar diwanlaryna uly orun berildi. Mirasgär Dursun Jumaýewanyň öý muzeýi, ondaky gadymy golýazmalar, medeni mirasymyz bilen tanyşlyk has-da täsirli boldy. Çäräniň dowamynda etrabyň bagşylary şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary aýtdylar, ýaş şahyrlar öz döreden goşgularyny okadylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.