«Arkadag» medalyna mynasyp boldy

12.10.2023 119
«Arkadag» medalyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permany bilen Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň bäşisi «Arkadag» medaly bilen sylaglanyldy.

Olar Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň trawmatologiýa bölüminiň müdiri Çarykuly Mamedowiç Bazarow,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň anesteziolog-reanimatolog lukmany Azat Alymjanowiç Toraýew,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Lebap welaýat Saglygy goraýyş müdirliginiň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň şepagat uýasy Kurbangül Jumakulyýewna Babyşew,

«Lebap welaýatynyň baş metjidi» dini guramasynyň baş ymamy Ereş Babajanowiç Talipow,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Altyn asyr geňeşliginiň Çilan obasynyň ýaşaýjysy, pensioner Garly Bazarow.

«Arkadag» medaly Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işine goşant goşan türkmenistanlylara we daşary ýurt raýatlaryna berilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.