Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde gojaman Köpetdagyň eteginde häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu ajaýyp şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Munuň özi berkarar döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Täze şäheriň gurluşygynda ekologik talaplaryň berk berjaý edilmegi, adamlaryň bagtyýar we uzak ömür sürmegi üçin arassa howa gurşawynyň döredilmegi üns merkezinde saklanyldy. Bu ýerde «ýaşyl» tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy, sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy bilen «akylly» şäher konsepsiýasy durmuşa geçirilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şähergurluşyk maksatnamalarynyň möhüm talabydyr. Dünýäniň häzirki zaman şäherleriniň hatarynda möhüm orny eýelejek Arkadag şäheriniň arhitektura keşbinde halkymyzyň milli ruhuna kybap gelýän özboluşly gözellik bar. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly maslahatlary bilen şäherde döwrebap durmuş düzümleriniň döredilmeginde ýaşlaryň täzeçil tekliplerine, ukyp-başarnyklaryna uly ähmiýet berilmegi-de aýratyn bellärliklidir. Şäheriň ähli binalarynda elektron dolandyryş ulgamy ornaşdyryldy. Şeýlelikde, Arkadag şäheri tutuşlygyna “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda guruldy. Bu ýerde ýol yşyklandyryjylary hem täzeçil usulda gurnalypdyr. Olar awtomatik ýagdaýda, şäheriň ulag akymlaryna baglylykda sazlaşykly işleýär. Mundan başga- da, bu şäher Merkezi Aziýa sebitinde durmuş üpjünçilik ulgamy tutuşlygyna elektron ulgam arkaly dolandyrylýan ýeke-täk şäherdir.
Türkmen halkyny röwşen geljege sary alyp barýan, ýurdumyzyň abraýyny halkara giňişliklerde has-da belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň
Lebap welaýatynyň Kerki etrap boýunça wekili
Ýakut Ýoldaşowa
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...