«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen at bilen maslahat geçirildi

23.08.2023 44
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen at bilen maslahat geçirildi

Şu gün welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenabat şäherindäki ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşiniň bilelikde guramagynda welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen at bilen maslahat geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherindäki bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ata Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şonuň ýaly-da täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň meýilnamasy, okuw maksatnamasyna girizilen üýtgetmeler dogrusynda-da durlup geçildi. Okuwçylaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin mekdepden daşary bilim edaralarynda alnyp barylýan işler barada hem pikir alşyldy. Maslahatyň dowamynda guramaçylar tarapyndan öňdebaryjy bilim işgärlerine Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.