Arşa galdyň Pyragy Arkadagly Serdar bilen

19.08.2023 43
Arşa galdyň Pyragy Arkadagly Serdar bilen

Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynda «Arşa galdyň Pyragy Arkadagly Serdar bilen» diýen at bilen döredijilik agşamy geçirildi. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralan çärä şu etrabyň wekilleri bilen bir hatarda Halaç, Kerki etraplaryndan medeniýet işgärleri, kitaphanaçylar gatnaşdylar. Döredijilik agşamynda çykyş edenler akyldar şahyrymyzyň nesillere galdyran edebi mirasy, onuň şygyrlarynyň çeperçiligi dogrusynda gürrüň etdiler. Şu günler ýurdumyzda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ýubileý dabaralaryny giňden bellemek boýunça taýýarlyk işleri görülýär diýlip çykyşlarda nygtaldy. Çäre mahalynda etrabyň medeniýet işgärleri nusgawy şahyrymyzyň keşbini janlandyryp, sahna oýnuny görkezdiler. Köýtendagly sungat ussatlary bolsa, Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlary belent owaz bilen ýerine ýetirdiler. Kitaphana işgärleriniň guran kitap sergisi hem çärä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň etrap geňeşi tarapyndan öňdebaryjy medeniýet işgärlerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.