Awgust maslahaty geçirildi

24.08.2023 49
Awgust maslahaty geçirildi

    Welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen at bilen bilim işgärleriniň däbe öwrülen awgust maslahaty geçirildi. Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda guralan çärä iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hünärmenler, öňdebaryjy bilim işgärleri gatnaşdylar. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini düýpli gowulandyrmak, bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, okatmagyň öňdebaryjy usullaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler dogrusynda buýsançly söhbet etdiler. Maslahatda täze, 2023 — 2024-nji okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňlerinde durýan derwaýys wezipeler, okuw maksatnamalaryna girizilen üýtgetmeler barada hem jikme-jik durlup geçildi. Çäräniň dowamynda geçen okuw ýylynda ýokary görkezijileri gazanan bilim işgärlerine Hormat hatlary, gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Maslahatyň geçen ýerinde okuw-görkezme esbaplarynyň, el işleriniň sergisi guraldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.