"Awtotrans" uly meşhurlyk gazanýar

14.09.2023 96
"Awtotrans" uly meşhurlyk gazanýar

Türkmenabat şäherindäki «Awtotrans» hususy kärhanasy mahabat önümlerini çap etmekde uly meşhurlyk gazanýar. Bu ýerde şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda buýurmalar esasynda uly göwrümli mahabat önümleriniň 676-sy taýýarlanyldy. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 599 müň 384 manatlyga deň boldy. Hususy kärhanada geljekde bu görkezijini has-da artdyrmak maksat edinilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.