Türkmenistanyň Içeri işler ministrligiň welaýat Polisiýa müdirlikleriniň birliklerinde Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu täze binanyň açylyş dabarasy ýurt Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda içeri işler edaralarynyň işgärleri, şeýle-de awtoulaglaryň sürüjileri üçin hem ajaýyp sowgat boldy. Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň Dänew we Darganata etraplarynyň polisiýa bölümleriniň ýanynda Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary gurlup, dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Bu binalaryň gurluşyk işleri Türkmenistanyň Içeri işler ministrlikleriniň Gurluşyk birleşigi tarapyndan ýerine ýetirildi. Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalarynyň açylyş dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...