Hytaý Halk Respublikasynyň Hançjou şäherinde geçirilýän Aziýa oýunlarynda sportuň dzýudo görnüşi boýunça 57 kilogram agram derejede Türkmenistana wekilçilik eden köýtendagly türgen Maýsa Pardaýewa türkmen ýygyndysyna ilkinji medaly sowgat etdi. Has takygy, ol bürünç medal üçin geçen tutluşykda ýer eýeleriniň ýygyndysynyň agzasy bolan Ki Kaiden 11:0 hasabynda üstün çykmagy başardy. Ýeri gelende bellesek, bäsleşige 1/8 final tapgyryndan girişen Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maýsa Pardaýewa nepally Pradhan Şhredsany hem-de özbegistanly Şukurjon Aminowany birmeňzeş — 10:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýarym final tapgyrynda bolsa koreýaly Ýensong Parkdan minimal hasapa (1:0) asgyn geldi. Türkmenistanyň dzýudo boýunça ýygyndy topary Hançjoudaky Aziýa oýunlaryna Tatýana Widýasowanyň we ýaponiýaly hünärmen Kazuhino Tokunonyň golastynda gatnaşýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...