Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Lala Şöhradowa şu günler Özbegistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilýän Aziýanyň çempionatyna üstünlikli girişdi. Ol küştüň rapid görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda kümüş medalyň eýesi boldy. Küştüň bu görnüşinde oýunça tutuş döwe 15 minut, her göçümine goşmaça 10 sekunt wagt berilýär. Mümkin bolan 7 utukdan 5 utuk toplan Lala özbegistanly bäsdeşi Umida Omonowadan bir utuk yza galdy, ol bir aý ozal Batumide (Gruziýa) şu derejede dünýä çempiony bolupdy. Goşmaça görkezijiler boýunça ikinji orny L.Şöhradowa gideren Hindistandan Kaşthuri 5 utuk bilen üçünji orny eýeledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...