Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak»ýylynda Çagalar sagaldyş dynç alyş merkezindäki çagalaryň wagtlaryny has şadyýan hem gyzykly geçirmegini we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip ýaşamaklaryny gazanmak, sporta höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi, Lebap welaýat Baş bilim müdirligi we “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe we sport guramasy bilen bilelikde «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde « Sport bagtyň açarydyr» atly bäsleşik geçirdi. Bäsleşik çekeleşikli we ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Bäsleşikde ýeňiji bolan bagtyýar nesillere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda «Bagtyýarlyk» sagaldyş dynç alyş merkezindäki çagalar bagtyýar nesillerimiziň döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanyp dynç almaklary üçin şertleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlaryny aýtdylar hem-de olaryň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolmaklaryny arzuw etdiler.
Ýusup BABAKULOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Türkmenabat şäher Geňeşiniň başlygy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...