Şu ýyl milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 30 ýyl dolýar. Bu şanly sene mynasybetli Türkmenabat şäherindäki «Goşa çynar» toý-dabaralar merkezinde «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň bank ulgamynda zähmet çekýän zenanlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň maksady hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatlary netijesinde Watanymyzyň belende galýan zamanasynda döwletimiziň Garaşsyzlyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 32 ýyllyk şanly baýramyny we milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyny dabaralandyrmakdan, milli mirasymyzy, ene-mamalarymyzdan galan el hünärini hem-de bereketli we myhmansöýer türkmen saçagyny wasp etmekden ybaratdyr. Ol «Hünärim bar―hormatym bar», «Milli aşpezlik ukyplary», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen üç şerti öz içine almak bilen, olarda bagtyýar zenanlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesine görä ýeňijiler yglan edildi. Şunlukda, Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülşat Eminowa bilen Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Amul şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Saryýewa ýeňiji bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...