Baş baýrakly bank işgärleri

13.09.2023 19
Baş baýrakly bank işgärleri

Lebaply bank işgärleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk baýramy we milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Arkadag Serdarly ösüşlere beslenen Watanyň bagtyýar zenanlary» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň baş baýragyna mynasyp boldular. Bu ýeňiş Gündogar sebitde bank ulgamyndaky işleriň döwrüň iň ösen talaplaryna laýyklykda alnyp barylýandygyna, işgärleriň hünär ussatlyklarynyň ýokarydygyna ýene bir ýola güwä geçdi.

Türkmenistanyň Merkezi banky, Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyry paýtagtymyzyň «Gül zaman» toý-dabaralar merkezinde geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zenanlar gatnaşdylar. Bäsleşigiň maksady Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly baýramyny we milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 30 ýyllygyny dabaralandyrmakdan, milli mirasymyzy, ene-mamalarymyzdan galan el hünärini hem-de bereketli türkmen saçagyny wasp etmekden ybaratdyr. Bäsleşige gatnaşan zenanlar «Hünärim bar ― hormatym bar», «Milli aşpezlik ukyplary», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» diýen şertler boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Şeýlelikde eminler toparynyň gelen netijesine görä Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni Gülşat Eminowa bilen «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Amul şahamçasynyň hünärmeni Aýsoltan Saryýewa bäsleşigiň baş baýragyna eýe boldular. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.