Türkmenistanly türgenler Belarusda geçirilen GDA-nyň II oýunlarynda 18 medal gazandylar. Bu üstünlige lebaply türgenler bäş medal bilen goşant goşdular. Ozal hem habar berşimiz ýaly, dzýudo boýunça geçirilen ýaryşlarda Türkmenabat şäherindäki 10-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Dilara Kandymowa 40 we Çärjew etrabyndaky 45-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Nasiba Narymanowa 63 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdylar.
Türkmenistanyň Boks federasiýasynyň türgeni, şu ýyl Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdepden uçurym bolan, türgenleşiklerini şäherdäki 8-nji sport mekdebinde alyp barýan Yhlas Bagtyýarow bolsa boks boýunça geçirilen ýaryşlarda 75 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Tejribeli tälimçi Babamyrat Rozyýewiň ilkinji halkara ýaryşyndan üstünlik bilen dolanan şägirdi halypasynyň ýolbaşçylygynda Aziýa çempionatyna taýýarlyk görýär. Yhlasyň öz agram derejesinde ýurdumyzyň üç gezek çempiony bolandygyny hem habar berýäris.
Türkmenabat şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi Madina Aýdogdyýewa bolsa sambo boýunça zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Madinanyň sportuň sambo we jui-jitsu görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň ozal hem birnäçesinde ýeňiji bolandygyny ýatladýarys. Şeýle hem sportuň sambo görnüşi boýunça lebaply tälimçi, Aziýanyň çempiony Guwanç Begalyýew 98 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medalyň eýesi boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...
Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Baş...