Şu günler welaýat Baş bilim müdirliginiň çagalar baglarynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynyň körpeleriniň arasynda yglan eden «Başarjaň eller» bäsleşiginiň etrap-şäher tapgyry geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, sungatymyza bolan söýgini artdyrmak, zehinli körpeleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige çagalar baglarynyň 5-6 ýaşly körpeleri gatnaşdylar. Körpeler çeken suratlaryny, reňkli kagyzlardan ýasan dürli şekillerini bäsleşige hödürlediler. Olaryň çeken suratlarynda tebigat gözellikleri, bagtyýar çagalyk, haýwanat dünýäsi, milli saz gurallarymyz öz beýanyny tapýar. Ýeňiji bolan körpeler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Olara guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...