Batyr Abdyllaýew welosipedli iki aýda 4 müň kilometrden gowrak ýol geçdi

12.08.2023 85
Batyr Abdyllaýew welosipedli iki aýda 4 müň kilometrden gowrak ýol geçdi

     Syýahatçy Batyr Abdyllaýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyna we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlan uzak aralyga syýahatyny tamamlady. Dänew ― Aşgabat ― Magtymguly ― Garabogaz ― Awaza ― Aşgabat ― Köneürgenç ― Köýtendag ― Dänew aralygynda amala aşyrylan welosipedli gezelençde syýahatçy jemi 4092 kilometr ýoly geçdi. Şeýlelikde, ol ýurdumyzda şunça aralygy welosipedli geçen ilkinji syýahatçydyr.

Batyr Abdyllaýewiň şu gezekki syýahaty üç tapgyrdan ybarat boldy. Ol birinji tapgyra Dänew etrabyndan badalga berip, ony «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tamamlady. Ajaýyp künjekde birki gün dynç alan syýahatçy ikinji tapgyra Arkadag şäherinde badalga berdi we bu tapgyr Köýtendagdaky dinozawrlar tekizliginde tamamlandy. Syýahatyň üçünji tapgyry bolsa Köýtendag ― Dänew aralygyny öz içine aldy.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.