"Belarusdan 2023"-den iki medal

12.08.2023 92
"Belarusdan 2023"-den  iki medal

Şu günler Belarus Respublikasynda dowam edýän GDA-nyň II oýunlarynda lebaply dzýudoçylar medallaryň ikisine mynasyp boldular.

Zenanlaryň arasynda 40 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Türkmenabat şäherindäki 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Dilara Kandymowa güýçli garşydaşlarynyň birnäçesinden üstün çykyp, Oýunlaryň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Edil şeýle üstünligi dzýudo boýunça 63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Çärjew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdebiň okuwçysy Nasiba Narimanowa hem gazandy. Ol bürünç medal ugrundaky duşuşykda ýerli türgenden rüstem geldi.

GDA-nyň II oýunlarynyň medalçylarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ilkinji ädimlerini gündogar sebitde äden türgenler hem bar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.