Tebigy gözelliklere gözellik goşýan we ak bazarlarymyza, desterhanlarymyza bereket bolup dolýan datly miweleri ýetişdirýän ussat bagbanlaryň işleri bolsa aýratyn bellenilmäge mynasyp. Bu ugurda Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň zähmet adamlary has-da tapawutlanýarlar. Türkmenabat — Kerki awtomobil ýolunyň ugrundan seleňläp görünýän bu miweli baglary göreniňde göwnüň galkýar. Daýhan birleşiginiň hünärmeni, uzak ýyllaryň dowamynda oba hojalyk ulgamynda işläp, baý tejribe toplan halypa agronom Alymbaý Baltaýewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda «Gülüstan» daýhan birleşigi boýunça 283 gektarda bag nahallary bolup, olaryň 74 gektarynda geljek ýyllarda hasyla durmaly ýaş daragtlar, 70 gektarynda üzüm, galan böleginde bolsa alma, behi, nar, erik, ülje, armyt, şetdaly, garaly ýetişdirilýär. Bu miweli daragtlardan her ýylda ýüzlerçe tonna hasyl alnyp, ak bazarlarymyza ugradylýar, elýeterli bahalardan ilata hödürlenilýär. Halypa bagbanlar bag ýetişdirmek işiniň örän jogapkärlidigini, tejribäni we köp zähmeti talap edýändigini nygtaýarlar. Olaryň aýdyşy ýaly, ilki bilen, ekjek miweli daragtyň häsiýetlerini doly öwrenmeli, haýsy howa şertinde, nähili toprakda ekilse gowy boljakdygyny anyklamaly. Şoňa görä ekiljek topragyny taýýarlamaly. Çüýredilen ders bilen iýmitlendirmeli, suwa ýakyp, agdaryp, haşal otlardan arassalap durmaly. Bag nahallarynyň aralyklary 1,5 metrden az bolmaly däl. Bir gektar ýere erigiň 208, üzümiň 1 müň 225, şetdaly, armyt, garaly, alça ýaly daragtlaryň bolsa 416 düýbüni ekseň talabalaýyk bolýar. Bu baglaryň hasyllylygy üçin hem peýdalydyr. Noýabr aýynda şänikden ekilen baglara iýul aýynda fosfor dökünleri berilýär. Baglar hasyla girende, döküni has hem köp talap edýär. Şol wagt olary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hökmany şertleriň biridir. Baglary sapmak işleri, adatça, awgust — sentýabr aýlarynda geçirilýär. Sapylan baglar bahar aýlarynda gülleýär we beýleki baglardan köp hasyl berýär, miwesi hem süýji bolýar. Sapmak işlerinde «Gülüstan» daýhan birleşiginiň bagbanlary Mamajan Bazarowa, Nargila Döwletowa, Rozymyrat Mämmetgulyýew, Muhabbat Döwletowa has-da tapawutlanýarlar. Üzüm ýetişdirmek bilen adygan bagban zenanlaryň hatarynda bolsa Gurbanaý Joraýewanyň, Leýla Açylowanyň, Jumahal Permanowanyň atlaryny buýsanç bilen agzamak bolar. Olaryň üzüm nahallary şu ýyl hem bol hasyl getirdi. Her düýp üzümden, ortaça, 30—50 kilogram hasyl alýan bu bagbanlar öz tejribelerini ýaşlara-da öwredýärler. Ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna gidip, ildeşlerimize bag ekmegiň inçe syrlaryny öwredýärler. Bag ekmek ýaly döwletli işleriň rowaçlanmagynyň sakasynda bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba adamlaryň bagtyýar ýaşaýşyna gönükdirilen ajaýyp döwlet syýasaty bar. Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk toýuny zähmet üstünlikleri bilen garşylan daýhan birleşigiň bagbanlary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uzak ömür, berk jan saglyk, işlerinde rowaçlyklary arzuw edýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...