Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Kerki etrabynyň orta mekdeplerinde baýramçylygy dabaralandyrmak maksady bilen “Berkarar döwletiň güýji ýaşlar” atly aýdym-sazly duşuşyklar geçirildi. Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebinde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň müdiri G.Perdäýewa, Kerki etrabynyň 1-nji orta mekdebiniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary B.Möwlamow gatnaşdylar. Duşuşykda okuwçylar baýramçylygy dabaralandyrýan, berkarar döwletimizi wasp edýän birnäçe joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...