Beýik akyldar Magtymguly şahyrlaryň dilinde

20.10.2023 46
Beýik akyldar Magtymguly şahyrlaryň dilinde

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşi, Kerki etrabynyň hünär tehniki okuw mekdebinde okaýan talyplaryň arasynda 2024-nji ýylda geçiriljek Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýaşlaryň Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has içgin öwrenmegini dowam etdirmek maksady bilen “Beýik akyldar Magtymguly şahyrlaryň dilinde” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Kerki etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam boýunça hünärmeni O.Aşirowa, Kerki etrabynyň hünär tehniki okuw mekdebiniň mugallymy A.Mustafaýewa, mekdebiň talyby M.Rahmedowa Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň eserleriniň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada çykyş etdiler, talyplar şahyryň döredijiliginden we Magtymguly Pyraga bagyşlanyp döredilen goşgulary ýerine ýetirdiler.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.