Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim ― ömrüň ganaty» atly dabaraly maslahat bilen bilelikde şanly baýram mynasybetli ýaýbaňlandyrylan wagtlaýyn serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi hem-de muzeý bilen bilelikde guralan maslahata iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.
Sergide Türkmenistanyň bilim ulgamynda beýik sepgitlere ýetilmegine, tehnologik ösüşlere hem-de welaýatymyzyň mekdep okuwçylarynyň we talyp ýaşlaryň halkara ders, ylmy-döredijilik bäsleşiklerinde, medeni-sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan bagtly pursatlaryna şaýatlyk edýän fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Türkmenabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň döwrebap bilim ojaklaryny şekillendirýän ýokary çeperçilik derejeli suratlary serginiň üstüni has-da ýetiripdir. Bulardan başga-da, sergide mekdep okuwçylarynyň umumy okuw dersleri boýunça kitaplary, kompýuterler we dürli okuw esbaplarydyr görkezme serişdeleri hem ýerleşdirilipdir.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...