«Bitaraplyk-bagtyýarlygyň binýady» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

29.07.2025 54
«Bitaraplyk-bagtyýarlygyň binýady»  ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

     Golaýda Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk-bagtyýarlygyň binýady» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

      Duşuşykda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanmyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly sepgitlere ýetýändigini hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygynyň halkara ähmiýetini dabaralandyrýan bu hoş habar biziň müňýyllyklardan gözbaş alýan bitaraplyk taglymatymyza, döwletimiziň Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasatyna, parahatçylyk, ynanyşmak däplerini rowaçlandyrmak ugrundaky başlangyçlaryna berlen ýokary bahadyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dünýä döwletleri tarapyndan goldanylýandygyny nobatdaky gezek tassyklaýan bu Kararnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen diplomatiýasynyň gazanan ägirt uly üstünligine hem-de ýurdumyzyň ösüşleri dogrusynda gürrüň berildi.

      Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döredilip berilýän şertler we mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.


Dinara KARIMOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat

Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.