Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda oba hojalygyny hem ylmy esasda ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz dünýäniň ösen döwletleriniň ýokary öndürijilikli, kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny we olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny yzygiderli satyn alyp berýär. Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary, dünýäniň ösen häzirki zaman tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribeler önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygy döredilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylan şu ýyly uly zähmet üstünliklerine beslemek hyjuwy Kerki etrabynyň ähli pagtaçy, gallaçy, gök ekerançy kärendeçi daýhanlaryny gurşap aldy. Olar özlerine berkidilen meýdanlaryň her bir gektarynda ýokary hasyly ýetişdirmek ugrundaky aladalary giňden ýaýbaňlandyrdylar. Bu işler häzirki günlerde gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şu ýyl bugdaý ekiş möwsümine taýýarlyk görmäge welaýatymyzyň gündogar etraby bolan Kerki etrabynda has öňünden, guramaçylykly girişildi. Etrabyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda, daýhan birleşiklerinde ekiş döwründe ulanyljak tehnikalar, olaryň tirkeg gurallary, ekijiler öz wagtynda bir kemsiz abatlanyldy. Munuň özi bugdaý ekişiniň guramaçylykly, öndürijilikli hem-de ýokary hilli geçirilmegine giň mümkinçilik berer. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň jogapkär işgärleri hem her bir oba hojalyk möwsüminiň dowamynda kärendeçileriň, daýhanlaryň arasynda bolup, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Agrar partiýanyň jogapkär işgärleriniň, işjeň agzalarynyň oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan bolup, olaryň iş şertleri bilen tanyşmagy, wagyz-nesihat çärelerini geçirmegi, öňdebaryjylara ýadygärlik sowgatlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagy bolsa ekin meýdanlarynda ýadawsyz zähmet çekýän adamlaryň ruhubelentligini, işeňňirligini has-da artdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...