Welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Türkmenabat şäherindäki 32-nji çagalar bagynda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň arasynda yglan edilen bäsleşigiň Türkmenabat şäher tapgyry geçirildi.
«Körpe nesliň saglygy — ýurduň bagtyýarlygy» diýen at bilen geçirilen bäsleşige şepagat uýalarynyň 66 sanysy gatnaşdy. Bu ýere ýygnanan şepagat uýalary çagalar baglarynda arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmekde ulanylýan zyýansyzlandyryş serişdeleriniň erginlerini taýýarlamak, ilkinji şikes ýetmelerde körpelere kömek bermek, iýmit önümleriniň dürli görnüşlerinden tagamnama düzmek boýunça ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardylar.
Netijede, şäheriň 4-nji çagalar bagynyň şepagat uýasy Mähri Rozyýewa birinji orna mynasyp boldy we bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Has tapawutlanyp çykyş eden şepagat uýalarynyň birnäçesi baýraklar bilen sylaglanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...