Çagalar bagy ulanylmaga berildi

01.09.2023 69
Çagalar bagy ulanylmaga berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda” ýurdumyzda ägirt uly ösüşler gazanyldy. Bu gün ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary düýpli döwrebaplaşdyrylýar, täze şäherlerdir obalar döredilýär, orta mekdepler, çagalar baglary gurlup ulanylmaga berilýär. Ynha, bu gün Kerki etrabymyzyň Guwak geňeşliginiň Guwak obasynda 160 orunlyk çagalar bagynyň gurulyp ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu çagalar bagynda biziň körpejelerimiziň bilim we terbiýe almaklary, dynç almaklary, wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli şertlerdir mümkinçilikler bilen bir hatarda etrabymyzyň raýatlary üçin 40 golaý iş orunlarynyň döredilmegi bolsa buýsançly wakadyr. Hut şonuň üçin hem etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyklarynyň çägi ýok.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.