Çagalaryň 30 müňe golaýy birinji synpa okuwa barar

31.07.2023 206
Çagalaryň 30 müňe golaýy birinji synpa okuwa barar

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Lebap welaýatynda alty ýaşly körpeleriň 29 müň 639-sy birinji synpa okuwa barar. Bu barada welaýat neşiri habar berdi.

Häzirki wagtda welaýatda umumybilim berýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlarynyň sany 400-e golaýlaýar. Öňde duran okuw ýylynyň ilkinji günlerinde sebitde täze mekdepleriň ýene-de sekizi açylyp, ulanylmaga berler. Olar umumylykda okuwçylaryň 5 müňe golaýyna niýetlenendir.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.