Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Sport-kämillige badalga» atly sportuň basketbol görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

11.07.2025 38
Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Sport-kämillige badalga» atly sportuň basketbol görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

     Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň tomusky dynç alyş günlerini gyzykly we täsirli geçirmeklerini olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak şeýle-de sagdyn-durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, ruhy we fiziki taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 1-nji sport mekdebinde «Sport-kämillige badalga» atly sportuň basketbol görnüşi boýunça sport bäsleşigi geçirildi.

     Bäsleşige etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ýaş türgenleri gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara TMÝG-niň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

    Sport çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň mynasyp bilim-terbiýe hem-de göwnejaý dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Abadan Döwletgeldiýewa,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.