Çärjew etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň Obanyň taryhyny öwreniş muzeýi welaýatymyzyň ähli mekdep muzeýleriniň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy. Ýeri gelende aýtsak, bu bäsleşik umumybilim edaralarynda hereket edýän muzeýleriň terbiýeçilik işindäki ähmiýetini artdyrmak maksady bilen geçirilýär. Ýokarda agzalan mekdepde hereket edýän muzeý hut şu bäsleşikde mundan ýedi ýyl ozal hem ýeňiji bolupdy. mekdep muzeýleriň arasynda yglan edilen “Iň gowy mekdep muzeýi” atly Mekdep muzeýi 5 bölümden ybarat bolup, onda häzirki wagtda 700-den gowrak gymmatlykt bar. Muzeýde, esasan hem, obanyň medeniýeti, belli şahsyýetleri we zähmet, durmuş şertleri barada maglumatlar bar. Muzeýe mekdebiň taryh mugallymy Seýitkuly Işanow ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de onuň taryhy maglumatlar bilen baýlaşmagynda mekdep okuwçylarynyň hem-de oba ýaşaýjylarynyň, ýaşulylarynyň ýardamy uly. Halkymyzyň gadymy ýaşaýyş medeniýetini, milli mirasymyzyň gaýtalanmajak ajaýyplyklaryny ýaş nesle ýetirmekde şeýle muzeý gymmatlyklaryny ähmiýeti uludyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...