Çärjew etrap häkimliginiň maslahatlar zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatlyk aýdymy – asudalyk mukamy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

30.05.2025 111
Çärjew etrap häkimliginiň maslahatlar zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatlyk aýdymy – asudalyk mukamy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

     Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap birleşmesi, Çärjew etrap häkimligi hem-de Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň Çärjew etrap polisiýa bölümi şeýle-de Çärjew etrap Bilim bölümi bilen bilelikde guramagynda Çärjew etrap Çagalar sungat mekdebiniň hem-de Çärjew etrap Farap şäher Çagalar sungat mekdebiniň gatnaşmagynda Çärjew etrap häkimliginiň maslahatlar zalynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatlyk aýdymy – asudalyk mukamy» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

     Dabarada ýerine ýetirilen aýdymlarda dolulygyna açyp görkezen dabara oňa gatnaşyjylara şatlyk paýlady, olaryň kalbyny heýjana getirdi. Ýaşyl baýdagymyzyň hatar gurap, pasyrdap durşy bolsa, Watan buýsanjyndan habar berip, dabaranyň görküne görk goşdy.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar il-günümiz üçin uly aladalary edýän, milli medeniýetimize, däp-dessurlarymyza sarpa goýýan, milli baýramçylyklarymyzyň giňden bellenilmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.


 Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy                                Serdar Jumamyradow

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.