Çempionlar belli boldy

20.10.2023 406
Çempionlar belli boldy

Türkmenabat şäherindäki 6-njy sport mekdebinde tennis boýunça ýaşlaryň arasynda welaýatyň çempionaty geçirildi. Oňa 2005—2008-nji, 2009—2010-njy, 2011—2012-nji ýyllarda doglan oglanlar we gyzlar gatnaşdylar. Bäsleşige welaýat merkezinden we Çärjew etrabyndan türgenleriň 60-a golaýy gatnaşdy.

Bu ýaryşa welaýat merkezindäki 6-njy sport mekdebiň türgenleri has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. 18 we şondan kiçi ýaşlylaryň arasynda bu sport mekdebinde tälim alýan oglanlar baýrakly orunlaryň ikisini, gyzlar bolsa ähisini eýlediler. Final duşuşygynda 6-njy sport mekdebiniň türgeni Nikita Polýakow bilen 9-njy sport mekdebiniň türgeni Aly Geldiýew güýç synanyşdylar. Çekeleşikli geçen duşuşyklarda Nikita garşydaşyndan ynamly üstün çykyp, welaýatyň çempiony boldy. Üçünji orny hem 6-njy sport mekdebiniň wekili Rahim Kurbaniýazow eýeledi. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşlarda Ramina Raimbaýewa, Daýana Şamuradowa we Jennet Orazalyýewa degişlilikde birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelediler.

14 we şondan kiçi ýaşlylaryň arasynda 6-njy sport mekdebiniň türgenleri Rahim Kurbaniýazow we Jennet Orazalyýewa ýeňiji boldular. Hormat münberiniň ikinji basgançagyna hem şu mekdebiň türgenleri Rahman Kurbaniýazow we Daýana Şamuradowa dagy çykdy. Üçünji orny bolsa 9-njy sport mekdebinden Dawut Rahmanow bilen Nurana Agamyradowa eýelediler.

12 we ondan kiçi ýaşlylaryň arasyndaky bäsleşiklerde 9-njy sport mekdebiniň türgeni Aly Geldiýewe we 6-njy sport mekdebiniň türgeni Jennet Orazalyýewa taý tapylmady. Ikinji orny bolsa Seýran Delakow bilen Daýana Şamuradowa dagy (ikisi hem 6-njy sport mekdebinden) eýelediler. Bogdan Klyçew (6-njy sport mekdebi) we Aýnura Agamyradowa (9-njy sport mekdebi) dagy bolsa üçünji orun bilen ylalaşmaly boldular. Jübütleýin we garyşyk toparlaryň arasyndaky bäsleşikler hem çekeleşikli ýagdaýda geçdi.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.