«Daewoo» kompaniýasy Türkmenabatda täze önümçilik desgasynyň gurluşygyna girişdi

15.10.2025 16
«Daewoo» kompaniýasy Türkmenabatda täze önümçilik desgasynyň gurluşygyna girişdi

      Ozal habar berlişi ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

     «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň gurluşygyny Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşy bolan «Daewoo» koreý kompaniýasy ýerine ýetirer. Dabarada superfosfat we ammoniý sulfatyny öndürýän toplum bilen tanyşdyrýan wideofilme tomaşa edilenden soňra, «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju çykyş etdi.

      Belläp geçsek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryljak himiýa kärhanasy ýurduň oba hojalyk önüm öndürijilerini hem-de içerki sarp edijileri has ýokary hilli fosforly dökünler bilen ygtybarly üpjün eder diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň internet sahypasynda habar berilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.