Dänew etrabynda şala ideg kadaly dowam edýär

20.09.2023 31
Dänew etrabynda şala ideg kadaly dowam edýär

Lebaply ekerançylar şu ýyl 10 müň 200 gektar şaly ekilen meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Şu günlerde Dänew etrabynyň daýhanlary hem bu azyklyk ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek üçin oňa göwnejaý ideg edýärler.

Etrapda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi. Geçen ýyllarda etrabyň ekerançylary şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny birkemsiz özleşdirdiler.

Etrabyň «Aşgabat» daýhan birleşiginde geçen ýylda daýhan birleşiginiň edermen adamlary 190 gektar meýdandan şalynyň 876 tonnasyny ýygnap, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli amal etdiler.

Üstümizdäki ýylda hem edil geçen ýyldaky ýaly hasyly ýygnamak maksat edinilýär.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.