Dänew etrap hassahanasynyň durky täzelenen binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi

11.10.2023 450
Dänew etrap hassahanasynyň durky täzelenen  binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi

Dänew etrap hassahanasynyň durky täzelenen binalar toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna ýaşulular, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň wekilleri we köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. 1984-nji ýyldan bäri işläp gelýän etrap hassahanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamasy bilen döwrebaplaşdyryldy. Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap lukmançylyk enjamlarynyň 280-den gowragy ornaşdyryldy. Etrap hassahanasynyň durkuny täzelemek işlerini «Bäş ýol» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp bardylar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.