Dänew etrabyndaky «Leýli» toý dabaralary merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşikleriniň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Hünärim bar ― hormatym bar» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Oňa edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşyp, özleriniň ukyp başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşik dört şertden ybarat boldy. Birinji şertde oňa gatnaşyjylar özleri hem-de işleýän ýeri bilen tanyşdyrlar. Ikinji şertde ezber elli tikinçi gelin-gyzlar 6-7 ýaşly gyzjagazlara 30 minudyň dowamynda köýnek biçip, tikip, egnine geýdirdiler. Üçünji şertde bolsa bäsdeşler Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejemiziň hünär ýolundan ugur alyp, alajalary taýýarlap, olardan durmuşa çykjak gyzyň toý bukjasyny bejerdiler. Bäsleşigiň soňky dördünji şertinde gelin-gyzlar özleriniň sünnäläp, bejeren keşdeli lybaslaryny geýip görkezdiler. Bu şertde bäsdeşler milli lybasyndaky el-işiniň nagyşlaryny we olaryň döreýşini giňişleýin gürrüň berdiler.
Gyzykly geçen bäsleşigiň netijesinde onuň ýeňijileri yglan edildi. Etrap medeniýet merkeziniň işgärleri Maksat Ibragimowa bilen Dürjan Öwlüýägulyýewa bäsleşigiň etrap tapgyrynyň ýeňijileri boldular. Olar indi welaýat tapgyrynda bäsleşerler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...