Döredijilik duşuşygy geçirildi

20.10.2023 46
Döredijilik duşuşygy geçirildi

Saýat etrabynyň Garabekewül şäherindäki medeniýet öýünde geçirilen döredijilik duşuşygy beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlandy. «Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy» diýlip atlandyrylan bu çärä etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, uly nesliň wekilleri, orta mekdepleriň mugallymlary we okuwçylary, çeper döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, tutuş adamzada gymmatly eserlerini miras galdyran görnükli şahyrymyzyň ömri we döredijiligi hakynda etrabymyzdaky 30-njy orta mekdebiň mugallymy, «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Maral Hemraýewa, etrap birleşmämiziň esasy hünärmeni Arzuw Saparowa we beýlekiler giňişleýin gürrüň berdiler. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyny dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalary edýändiklerini buýsanç bilen bellediler. Döredijilik duşuşygynda mekdep okuwçylary şahyryň şygyrlaryny labyzly okadylar şeýle-de söz ussadynyň eserleri boýunça gysgajyk sahna oýunlaryny görkezdiler. Şunuň ýaly täsirli çäreleri geljekde hem geçirmegi meýilleşdirýäris.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.