Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyndan (SNGIZ) 2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistana, Owganystana, Gruziýa, Birleşen Arap Emirliklerine nebit önümleri eksport edildi.
Şu ýylyň geçen ýedi aýynda benziniň 24,5 müň tonnasy Özbegistana, dizel ýangyjynyň 60 müň tonna golaýy Özbegistana we Owganystana, agyr wakuum gazoýlynyň 20 müň tonnasy Gruziýa, mazudyň 1500 tonnasy bolsa Birleşen Arap Emirliklerine eksport edildi. Şeýle hem bu iri senagat kärhanasynda şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda çig mallaryň 265,3 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bu baradaky meýilnama 106 göterim berjaý edildi.
Hasabat döwründe SNGIZ-de dürli kysymly benziniň 108,3 müň tonnadan gowragy, dizel ýangyjynyň 65,2 müň tonna golaýy, agyr wakuum gazoýlynyň 16 müň tonna golaýy, ýol bitumynyň hem 11,4 müň tonna golaýy we mazudyň 1500 tonnasy öndürildi. SNGIZ-iň düzüminde 2015-nji ýylda ýyllyk kuwwaty 37 müň tonnadan gowrak ýol bitumyny öndürmäge ukyply bolan desga guruldy. Şeýle hem bu ýerde 2017-nji ýylda önümçilik kuwwaty ýylda 500 müň tonna ýetýän ýokary oktanly benziniň önümçiligi ýola goýuldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...