Dostlukdaky kärhanada 17,4 müň tonna bugdaý gaýtadan işlenildi

14.08.2023 182
Dostlukdaky kärhanada 17,4 müň tonna bugdaý gaýtadan işlenildi

«Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Dostluk galla önümleri kärhanasynda şu ýylyň başyndan bäri bugdaýyň 17 müň 408 tonnasy gaýtadan işlenildi. Bu kuwwatly kärhanada unuň 13 müň 56, çöregiň 727, kepegiň 4 müň 24 tonnasy öndürildi. Degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi 12 million 365 müň 137 manatlyga deň boldy. 1998-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlen kärhanada ýylda 45 müň tonna un öndürmäge mümkinçilik bar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.