Ýarym agyr agram derejesindäki söweş Bellator 300 ýaryşynyň çäginde San-Diego (ABŞ) amerikan şäherinde geçiriler. Ýatlatsak, Döwletjan özüniň soňky tutluşygyny şu ýylyň mart aýynda Bellator 292-de geçirdi. Şonda türkmen pälwany eminleriň biragyzdan karary bilen litwaly Julias Anglikasdan üstün çykdy. 34 ýaşly Döwletjan Ýagşymyradow 2020-nji ýylyň dekabrynda Bellator bilen şertnama gol çekişdi. Ol bu guramadaky ilkinji türkmenistanly türgen boldy. Onuň hasabynda 20 ýeňiş, 7 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Onuň garşydaşy — 34 ýaşly polşaly Maseý Ružanskiýniň hasabynda 14 ýeňiş we 4 ýeňliş bar. Polşaly türgen soňky tutluşygyny şu ýylyň fewral aýynda Bellator 291 ýaryşynda geçirdi. Şol gezek ol utuk sany boýunça britaniýaly Karl Murdan ýeňildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy barada dör...
Şu ýylyň geçen aýlarynda Lebap welaýaty boýunça öndürilen elektrik energiýasy 2,1 milliard kilowat sagada golaý boldy we geçen ýylyň degişli döwrüne g...
Kerki etrap taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda agzybir watandaşlarymyzyň ömrüni bezeýän,...
Lebap açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ilatyň gündelik sarp edýän azyk önümleriniň 3 million 81 müň 156 manatlygy...
Lebap welaýatynyň ekerançylary 2023-nji ýylda 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekip, ondan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat e...