Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňşi

11.10.2023 73
Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky ýeňşi

Ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde 8-nji oktýabrda ABŞ-nyň San-Diego şäherinde Bellator 300 bäsleşiginiň çäginde özüniň nobatdaky duşuşygyny geçirdi we polşaly garşydaşy Maseý Rožanskiden üstün çykdy. Munuň özi onuň Bellatordaky üçünji ýeňşidir. Tutluşyk munuň üçin bellenilen wagtyň çäginde doly dowam etdi we Döwletjanyň doly artykmaçlygy bilen geçdi.

Döwletjan Ýagşymyradow 2021-nji ýyldan bäri Bellatorda çykyş edip gelýär. Mundan ozal ol ACA turnirinde çykyş edip, onuň çempiony bolupdy we gazanan derejesini birnäçe gezek goramagy hem başarypdy. Ildeşimiz bu gezekki ýaryşa gatnaşandygy we gazanan ýeňşi bilen gutlap, oňa geljekde-de sport äleminde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.