Döwrebap bilim ojagy

02.09.2023 21
Döwrebap bilim ojagy

Düýn toýlary-toýa ulaşýan eziz Diýarymyzda giňden bellenilip geçilýän şanly sene — Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli welaýatymyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-si we ähli amatlylyklary bolan döwrebap çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi.

Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň gözelligine gözellik goşýan umumybilim berýän 45-nji orta mekdebiň açylyş dabarasy geçirildi. Iki gatdan ybarat 500 orunlyk täze bilim ojagynda kämil okuw enjamlary oturdylyp, okuw-terbiýeçilik işini ýokary derejede guramak üçin giň şertler döredilipdir. Dabarada söz sözlän il sylagly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary, binanyň gurluşygyny alyp baran gurluşykçylar bu günki ulanylmaga berilýän bilim ojaklary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza özleriniň alkyşlaryny we çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar. Mekdepde arassa hem giň mekdep naharhanasynyň, gerekli enjamlar bilen üpjün edilen sport zalynyň, zähmet, aýdym-saz otaglarynyň bardygyny belläp geçmegimiz gerek.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2023 Ähli hukuklary goralan.