Döwrümize joşgun, ýylymyza şan eçildi

02.09.2023 181
Döwrümize joşgun, ýylymyza şan eçildi

     Saýat etrabynyň Sakar şäherinde hormatly Prezidentimiziň baýramçylyk sowgady bolan iki gatdan ybarat, 600 orunlyk 62-nji orta mekdebiň täze binasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi. Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat — «Ilkinji jaň» sesi ýaňlanyp, dabaranyň myhmanlary döwrümiziň iň kämil okuw enjamlary bilen üpjün edilen mekdebiň giň hem ýagty otaglaryna aýlanyp gördüler. Dabara gatnaşyjylary mekdebiň girelgesinde etrabyň çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary dürli saz gurallarynda ýerine ýetiren şirin owazly mukamlary bilen garşy aldylar. Mekdepde 6 ýaşly çagalara niýetlenilen ýörite otag, okuw dersleri boýunça otaglar, kompýuter, zähmet, lingafon, aýdym-saz otaglary we beýleki amatlylyklar göz öňünde tutulyp, bilim işgärleriniň ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny, bedenterbiýe sapaklaryny geçirmäge niýetlenilen sport zaly, daşky sport meýdançalary bolup, ýaşlaryň sport endiklerini ösdürmäge, kämil türgenleri kemala getirmäge ähli mümkinçilikler bar.

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2024 Ähli hukuklary goralan.