“DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRIP”

18.07.2025 54
“DURNUKLY ÖSÜŞIŇ BÄHBIDINE HALKARA HYZMATDAŞLYGY IŞJEŇLEŞDIRIP”

       «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl — Türkmenistan üçin hem, BMG üçin hem ýubileý ýylydyr. Çünki mälim bolşy ýaly, bu şöhratly ýylda Türkmenistan döwletimiz hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny, dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG bolsa döredilmeginiň 80 ýyllygyny belleýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edilen, onda-da üç gezek ykrar edilen dünýäde ilkinji we ýeke-täk döwletdir. Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyny resmi taýdan öz Esasy Kanunynyň birinji maddasyna girizip, konstitusion taýdan kanunlaşdyran ýeke-täk ýurtdur. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde bu halkara gurama agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Rezolýusiýasynyň kabul edilen güni diňe bir biziň döwlet baýramçylygymyz hökmünde däl, eýsem, bütin dünýäde Halkara Bitaraplyk güni hökmünde giňden bellenilýär. Halkara maslahatyň çäklerinde guramaçylykly geçiriljek ýaşlar forumy hem möhüm ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly: «Ýaşlar — Watanyň daýanjy». Her bir ýurt üçin giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar.Ýaşlar döwletiň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagynda, milli ruhda terbiýelenmeginde, döredijilik ukyplarynyň kämilleşdirilmeginde, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagynda, ylym bilen meşgullanmak mümkinçiligini ösdürmekde Bitarap döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaýyn işleriň nusgalyk häsiýete eýedir. Döwletimiziň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasaty möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ýaşlary goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepilidir. Halkara maslahatyň çäklerinde geçiriljek ýaşlar forumynda ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermek, şol sanda olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmek, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmek, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmak bilen baglanyşykly pikir alyşmalara hem-de kabul ediljek çözgütlere garaşylýar.

      Gahryman Arkadagymyzyň: «Hazaryň kenarynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyny geçirmek we onuň çäklerinde beýleki medeni-ynsanperwer çäreleri ýaýbaňlandyrmak arkaly Türkmenistan dünýä ýurtlarynyň arasynda dostluk köprüleriniň binýadyny has-da berkider» diýip belleýşi ýaly, dostluk mekany Awazada üstünlikli geçiriljek halkara forumda gazanyljak ylalaşyklar, kabul ediljek çözgütler Bitarap döwletimiziň döwrebap ulag-logistika ulgamynyň sebit we yklym ähmiýetli ýollaryň ösmegindäki ähmiýetini has-da artdyryp, dünýäde parahatçylygyň, ynanyşmagyň, durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna kuwwatly itergi berer.


Aýlara KARIMOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy

Lebap welaýat häkimliginiň resmi saýty © 2020 - 2025 Ähli hukuklary goralan.